Hasap wagty

Geçen oglan garyplygyň mekdebin,
tamamlan gyz mätäçligiň mekdebin,
öý işlerin eden, ýarym garny aç,
bahasyny alan durmuşyň gowy,
şarpyk bilen, baý oglunyň maşyny,
baý gyzynyň diplomy däl arzuwy,
hakyn almak, halal hakyn, imanly,
çärelerden geçirseň-de pyýada,
ýalanyň hiç dony bolmaz, ýalaňaç,
başy açyk büreseň-de gyňaja,
ak gyňaçly ene, aksakgal goja
çyplak görner hakykatyň öňünde,
sen olary gurjak edip oýnama,
ýetim çaga, gözüne bak, armanly,
bir, iki däl, on müňlerçe, hökümet,
bu emeliň soňy gowy gutarmaz,
tahýa bilen aldamarsyň milleti,
tans etdirip haly, palas, saçakly,
at oýnadyp, aýdym-saza bat berip,
gedaýlyga altyn asyr at berip,
açdyň özüň, akylyň ýok onçakly,
aç ýatanlar biler, görer durmuşy,
öz gözünden, geçmez seniň ýalanyň,
täze nesil, nesil gelýär ýaşmaksyz,
ýagdaýy kyn otuz ýyllap talanyň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026