Niýet

Ol “niýetim gowy - diýýär,
- ýöne eliň gandallaly,
urmaz ýaly urmasyzy,
duşaklaly aýagyňy, gitmez ýaly gitmeze
daş asaly diliňden, diýmez ýaly diýmezi,
gulagyňy dykaly, duýmaz ýaly duýmazy,
gözleriňi baglaly, görmez ýaly görmezi,
ýat - diýýär - baş basyryp,
çykma öýden hiç ýere,
goşulman haýra, şere.”
Ol “niýetim gowy” diýýär,
ynanmasaň, öýkeleýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019