Täze döwür
Banklar berip hatalap pul,
agdarylýan şa, soltany,
kommunizm gurjak diýip,
azat etjek diýip halky,
uruş turzup, döküp gany,
bolşewikli döwür geçdi,
gyrýan mallyň malyn alyp,
urýan pullyň pulun alyp,
garyplara berjek diýip,
kitap beren, kimo beren
Lenin babaň nury soldy,
soň gelenler, kän gahryman,
uzak gitmän taryh boldy,
biri-birin soýman iýip,
diňe biri-birini däl,
iliň ýaryn ýok edenler,
ýazgaryldy iki, bäş ýyl,
belki, bu bir egri ýoldy,
menşewikli döwür geldi,
dogry, ady iş adamy,
paýlaşdylar ýurt baýlygyn,
milliarder nebit satyp,
ýa gaz satyp, utulanyň
içi aglap, daşy güldi...