Howply döwlet

Sada bolsaň tutularsyň,
atylarsyň beton jaýa,
boýnuňa al günäň diýip,
eden ýa-da edilmedik,
aç saklarlar sowuk jaýda,
yssy jaýda, pasla bagly,
hem diýeler urup agla,
wideojyk düşüreli,
gaýtalap ber aýdylany,
kagyz berip, galam berip,
ýaz diýerler diýenimiz,
soň toba et ak ýürekden,
bolsa yzda hossarlaryň,
satsyn bolan zadyn goýman,
getirsinler paýymyzy,
biz bezäli jaýymyzy,
ýa töhmet at o birine,
bu birine, peýdaň degsin,
hiç gedemiň geregi ýok,
biri galman başyn egsin,
sada bolsaň tutularsyň,
utularsyň bu döwletde,
diýdi, açyk aýtdy daýy,
olar bir däl, iki-de däl,
hemmesiniň gowy jaýy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026