Jeza wagty

Besdir, indi aýdyp-diýmäň,
düşündirmäň geregi ýok,
boljak işi, geljek işi
il başyna, sabyr etse,
kaýyl bolsa mundan aňryk,
bilýär millet, garyplygy,
ýa açlygy, görkezmegiň
hiç kemini goýmadylar,
doýmadylar talaňçylar,
päli belli, niýet belli,
besdir, indi özi biler
näme etse halkyň, ýa-da
garaşmaly diýse baky,
getirjege kanun, düzgün,
adalaty, ýok ýerinden,
dolap gowy kagyzlara,
ile bagly ýetjek jeza
süýji iýen agyzlara...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026