Tämiz nesil gelýär

Täze nesil gelýär, görýärin indi,
dat günüňe hökümet han, KGB,
haçana çen ýok edersiň türkmeni,
dat günüňe, hökümet han, KGB!

Olar gördi açlyk näme, ulaldy
kän gep çekip özüçe ýok nadandan,
kakasynyň puly bilen okanlar,
gorkuň indi kemsitmeden ýadandan!

Olar bilýär din-imany has gowy,
hudaýa-da ynanýarlar has sizden,
hem bilýärler kim imansyz, ol öňki
ýaşmakly däl, geçip bilmedik ýüzden...

Täze nesil gelýär, gören dünýäni,
ýurt içinde, ýurt daşynda, parhy ýok,
olar bilýär, il diýilýän mukaddes,
ýöne ýurtda ejizleriň nyrhy ýok...

Täze nesil gelýär, bilýän kanunlar
kime nabat, kime çaýda boýçy däl,
çagyrylmaz ýere barmazlar olar,
her gapyda sadakaçy, toýçy däl...

Dat günüňe, hökümet han, KGB,
haýsy birin ýok edersiň biz ýaly,
olar size baş egmägr gelmeýär,
tans etmezler näçe ýazsaňyz haly!

Olar öňki kommunistiň ogly däl,
bilýär gowy kim köp alýar parany,
kimler dönük, kimler haýyn hakyky,
ýa kim kimiň iş şärigi, ýarany.

Olar bilýär türmeleriň, gullugyň
halky nädip döwenini, öweniň
öküz edip görkezýänin tüwäni,
kelle döwüň, gutulsaňyz begeniň!

Olar bilýär ejesini, kakasyn,
nä günlere saldy umyt, kanagat,
soňy ýok sütemiň sabyr edilse,
bilýär olar nädip işleýär sagat...

Diýmek, günün sanamaly ogrular,
hajy bolup, ilin çapan musulman,
täze nesil gelýär, tämiz, bilýärin,
böwser olar daş diwary, basylman!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026