Söz jezasy
Azaldykça dogry sözli,
aýtjak bolman, agyz döwlüp,
azaldykça müýnsüz gözli,
gitdigiçe akyllylar,
bilim alan, hünäri bar,
iş ýerleri boşar, kem-kem
garyplygy artar ýurduň,
mätäçligi artar ýurduň,
eden-etdi, uran-uran,
ýoldan çykan batyr bolar,
emma, walla, diýip bolmaz,
diýjek bolmaz erbet olar.