Ganhor döwlet
Ganhor döwlet toý tutýar,
gurýar soňsuz dabarany,
tans etdirýär oglan-gyza,
hem sadaka berýär käte,
aç milleti çagyrmaýar,
saçak ýazyp mese diňe,
diýýär, belki, edýänim şu,
aýdyň baryp köre, güňe...
Ganhor döwlet toý tutýar,
sen bolmaly aýdymçysy,
ýa sazanda, götermeli
götermesiz zatlaryny,
gaşyň çytman, geýmän ellik,
ýogsa erbet, ygrarly däl,
yrga bolar adyň seniň,
ýa türmede, ýa köçede
maşyn kakyp, gögär teniň,
ýa galmaly sag halyňa
hassalara ýoldaş bolup,
özüň saýla diýer jellat,
paltasyny çala çalyp...
Ganhor döwlet diýýär, meger,
edýänim şu, ýadym bekdir,
unutmaryn eger-eger
ýylgyrmasaň ýüzüme sen,
ýatmaz ýaly ederin, bil,
çiş sokmazdan gözüňe men...
Ganhor döwlet, gaçyp gitseň,
haýbat atýar yzdan diýmän
geljek bolma, biljek bolma
näme bolýar watanyňda,
diýýär wiza, pylan diýip,
ýüz tutdurma adama sen,
dökýän ganym bilmez ýaly,
şeýle samsyk, sadamy sen?..