Döredijiniň ykbaly
Tilkilenip gezdim, adym gurt oldy. Magtymguly
O birinden, bu birinden
soramaly bolsa ýazman,
ýazjak zadyň, bilmese-de
ýazmak näme, ýanmak näme,
wezipesi üçin diňe,
ýa-da bolsa neşirýaty,
garaşmaly bolsaň uzak
jogabyna o biriniň,
ýa bazaryň ýagdaýyna,
ýa çörege bagly bolsaň,
ýazjak zadyň ýazyp bolmaz,
näçe jiger dagly bolsaň...
O birinden, bu birinden
soramaly bolsaň aýtman
aýdymlaryň, aýdym näme,
bilmeýänden, bilmejekden,
gülen boljak üstesine,
ýa sazyňy, dömen içden,
suratlaryň, çekjek ertir,
dogup gelýän gözleriňden,
ýa-da kinoň, düşürmekçi,
arzuw edip ýigrimi ýyl,
saklamaly bolsaň içde,
soramaly bolsaň ilki,
bilmeýänden, gurt bolmarsyň,
ölmän galsaň, borsuň tilki...