Içgili migrantyň köçe gürrüňi

O taýda-da beýikler,
bu taýda-da beýikler bar,
ýöne olar ýaşajak däl,
pesler bilen bir şäherde,
susmasalar gullar ýaly,
geçenlere bolup haly,
lepbeý diýip, başyn egip,
geplän bolsa dil öwrenip,
ýazan bolsa göwne degip...

Ozal baryp, basyp alan,
gözi doýman göreninden,
talan wagty pikir etmän,
gerek bolup işçi, gullar,
getiripdir gämä basyp,
ölenlerin zyňyp suwa,
soň gelipdir başga-başga,
ýurdy tozan adamlar-da,
ogry-jümri alyp ähli
alyp bolýan mal-dünýäni,
bar diýilse hukuk, kanun,
o taýda-da beýikler bar,
bu taýda-da beýikler bar,
kanunlary basgylaýan,
ýa-da ýazýan täzesini,
gözi doýman han, soltanyň,
alajyň ýok, goran günde,
saklajak bol ýeke janyň!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026