Baky şert

Geçmiş ýesir, geljek ýesir,
ýesir seniň şu günüň-de,
urşa giren ýaly soňsuz,
görünmeýän duşman bilen,
sagyň ýalan, soluň ýalan,
çyna meňzeş düşünmeseň,
düýş görmeseň käte täsin,
ýoluň bagly, açyk diýip,
belki, özüň aldamaly,
ylym ýesir, bilim ýesir,
ýa ýesirden beter günde,
ýesir seniň deň-duşlaryň,
ene-ata, çagalaryň
bagly iýjek çörekleri
basyp alan kezzaplaryň
islegine ýa meýline,
ýeten ýerin eýeleýän,
hem ýylgyrýan diňe ýalan,
dogry, munuň sebäbi kän,
bir sebäbi – açgöz olar,
nebis atly, alyp gaçýar,
ikinjisi – agzybirlik,
topar tutýar tor gurýanlar,
birleşýärler halka garşy,
garyp-gasar ähli ýerde,
ädehedi gul bolanyň,
agzy ala, birleşmeýär,
gürleşmeýär adam ýaly,
ýöne bolsaň adam ýaly,
etjek bolsaň işiň işläp,
eli eýten urjak diňe,
dili ýeten garalajak,
ýa ýüzüňe durjak diýip
sen günäkär ähli zada,
dymsaň, ertir beter günüň,
gorajak bol özüň, adam!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026