Watançylyk meselesi

Diýdi adam näme gerek
bolmak üçin çyn watançy,
şu günki gün biziň ilde?
Jogap berdi özi soňra,
men aýdaýyn, a sen belle!

Birinjiden, Watany däl,
örän anyk bir adamy,
edil häzir Putin hany
söýmeli sen janden, tenden,
unutmaly dogry-düzgün,
adalatly saýlawlary,
eger biri diýse saýlaw
adalatsyz, ýa başga zat,
dönük diýip, ýa satylan,
sem etmeli, soňra berbat
jaýa salyp, ýok etmeli,,
käýinç, zeýrenç bolmaly däl,
mesele ýok gozgalmaly,
ýollar erbet, köpri döwük,
agzyň açma bular hakda,
eger-de sen çyn watançy,
ýurduň ogly boljak bolsaň,
hemmelere diýmelisiň,
aýtmalysyň gowy diýip,
hemmeje zat, boýdan-başa,
diýmek bolmaz erbet, pylan,
ýumrulsa-da bütin ülke,
sen şeýle bir goldamaly,
goramaly hökümeti,
pulum alyp elimdäki,
goňşy ýurda goşun sürdi,
düýn doganlyk bolan halka
duşman diýdi diýmeli däl,
bilýäň, dogry, ýurt talanýar,
ogry-jümri emel ýeten,
ýöne muňa eger-eger
garşy durmak bolmaz, dogan,
boljak bolsaň çyn watançy,
güp aynanyp aýdylana,
diýilene mediada,
hem bar ýerde bizden erbet,
bir biz gowy diýmeli sen,
gitmeli däl başga ýurda,
görmeli däl köçelerin,
kellede ýa ýüregiňde
üýtgeşiklik bolmaz ýaly,
gelmez ýaly başga pikir,
bile, yza gitmeli sen,
döwlet bilen, galman yza,
begenmeli internetiň,
hatda suwuň kesseler-de,
hukuk hakda ýa azatlyk,
erkim diýip agzyň açma,
eger biri öz gözünden,
ýa başgarak görse ýurdy,
ýetir derrew ýetirmelä,
goý, ölýänçä pikir etsin,
diýsin sussam gowy bordy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026