Ýumşak görünseň
Sen kanunyň, kadanyň,
ýazylanu-ýazylmadyk,
tarapynda, bilýär olar.
Sen rehim, şepagatyň,
kanagatyň, din-imanyň
tarapynda, bilýär olar.
Bolsa, gelse eliňden iş,
gaýgyrjak däl kömegiňi,
ar aljak däl uranlardan,
ýa ýüzüňe duranlardan,
töhmet atyp at diýilse,
bilýär olar baryn gowy,
hem heňkirýär daşdan, uran,
basgylandan gaharyny
çykarmaly ýaly senden,
ýok, bu gylyk täzelik däl,
gelýär adam döräp öňden.