Täsin ýurt
Uruş açdy nämeleriň üstüni,
aýtsak eger dogrusyny diýdi ol,
öte akmak ekenik biz ozalky
oýumyzdan, çenimizden, ýa çakdan...
Liderimiz, tötänlik däl, birdenkä,
gowy ýurda gelip düşmedi gökden,
laýyk örän, görkezýär ol ýüzümiz,
ýeňsämizi, aýna tutan dek ökde,
ýüzlerçe ýyl beýik saýyp özümiz,
isläp ony, bermän kimsä hasaby,
ýeňiş gerek bize gara azapsyz,
hormat, sylag gerek, mertebämizi
öz-özümiz ýok etsek-de basgylap,
imperiýa gerek bize bahasyn
özümiz däl, tölemeli başgalar,
adam diýdi, eger göni gürlesek,
elimizden, aýdyň, haýsy iş geler,
gomalmakdan başga boşuna başda,
soň gorkudan, ýalan-ýaşryk, warsaky
gep-gürrüňden başga, çekýän müňlerçe
boş adamy, bary biweç ýa bikär,
meger, wagtyn aýamagy bilmeýän,
lezzet alýan kemsitmekden ejizi,
näme gelýär elimizden, adamlar,
dogry, soňsuz aklaýarys özümiz,
biz däl diňe, başga hemme günäkär...
Diýdi adam ikinjisi goşunyň,
derbi-dagyn etjek ähli duşmany,
gördük, gelejegiň goşuny däl-de,
bolup çykdy galyndysy geçmişiň,
toslama ol, telewizor eseri,
hemem maşyn et üweýän, görýäris,
iýýär müňläp garyp-gasar, ýesiri...
Diýdi adam adam ýaly adamlar
az ekeni, kyn bolsa-da ynanmak,
iň elhenji azlygy däl olaryň,
iň elhenji köpüsiniň ap-aňsat
yrylmagy ýaşamaga ýanma-ýan,
ýa duldegşir goňşy bolup kezzaba,
bolýar diňe degilmese özüne,
suw sepjek ýok özgäň köýýän közüne...
Adam diýdi iň esasy, iň möhüm
serişdesi nebit-gaz däl döwletiň,
ýa-da däl ol raketa, adamlar,
hemme bilýär, baş baýlygy ülkäniň,
aşa sabyr, kanagatly, islendik
namartlyga, jenaýata, süteme,
çydam edýän, ýuwdup ähli ýalany,
diýýän bolýar sesli, sessiz her günde,
telewizor aýdýan bolsa bolany...
Iň ulusy betbagtlygyň hökümet
ýalanynda, aldawynda däl asla,
iň erbedi – ýüz müňlerçe raýat,
okan, bilim alan, emma ap-aňsat
satyn alýar şol ýalany, sebäbi
talap edýär ulalmagy hakykat,
oňalmagy, bolmagy däl boş, gäbe,
uruş diňe goşun üstün açmady,
ýurt ýüzüni açdy, milleti açdy,
ýüzlerçe ýyl beýik saýan özüni,
gorkup ýaşan, boýun alyp bilmedik,
kimdigini, bukan bolup ýüzüni...
Diňlän diýdi, beh, bizde-de bar eken,
geň galmaly, hakakata düşünýän,
megerem şu täsin ýeri bu dünýäň...