Surat

Garyp we Alla

Garyplykdan seni Alla saklarmy,
öňde biri ýaly, nägile bolan,
nadyl bolan kän garaşyp öýünde,
dilän dileginiň bitjek gününe,
soň ol ölüp, o dünýede duşanda,
diýenmişin garap Taňryň gözüne,
Ýaradan, kän ýalbardym men, bir gezek
lotereýim utsun, giňesim elim,
adam ýaly ýaşap göreýin diýip,
gurasa-da doga etmekden dilim,
eşitmediň, güldi üstümden ilim...

Wah, eşitdim diýip, aglapdyr hudaý,
meňkimi ýa seň ýüregiň daşmydy?
Kän garaşdym, baryp birin almadyň,
ahyr eltip kaksam, gapyň açmadyň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026