Adam ýasawy
Ýylan daşda dursaň çakyp bilmezmiş
awy, zäher doly bolsa-da içi,
diýdiler gaç, uzakda dur zäherli,
içi otly adamlardan azajyk,
ýöne görseň, gitjek ýeriň ýok ýaly,
kän dünýede arly bolýan azaşyp,
ýa bilmeýän asla nirä barýanyn,
hemem çakjak çem geleni, agyrtsa,
ýa öldürse başga birin öz derdi
ýeňleýän dek, dar görensoň barlygy,
belki, bu ýasawy adamyň başdan,
ýa-da soň oň derdin ildeşler berdi...