Surat

Ýalan aýdym

Gyz adyna goşgy ýazsaň,
bolgusyzam bolsa, belli,
sözüň gowy, sazyň gowy,
toý arzuwy, altyn ýüzük,
bolsa gyş däl, ýazyň gowy...

Ýöne seret, gyz-gelinler,
ýa eneler, nä gün görýär,
bu gyş haçan geldi, pasyl
näme üçin çalyşmaýar,
o birleri gülýär, dogry,
ýöne ýurdy, bagtymyzy
ogurlady belli ogry,
düşünýäris, bilýäris-ä,
goý, görmäli, göz ýumaly,
emma belli, ölýäris-ä...

Ýürek sözün aýdan, dogry,
ogra derek bolýar ogry,
ölýän-de kän çykman ýagta,
ýöne hemme toýçy bolsa,
boýçy bolsa beg çaýynda,
dowam eder ýürek ýerne
gyz atlaryn alan aýdym,
gorky bolar baş sazanda,
galar baky çykan tagta...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026