Surat

Daýanmasaň gitmeli sen

Toýda içip, içmän serhoş,
çekip tapan mugt neşäňi,
bor-bolgusyz gürrüň diňläp,
gülen bolup samsyk gepe,
zaýa bilen zaýalanma,
boşluk bilen bolma şepe,
gözel ömrüň, ýaşlygyňy
ýele berme, seret, oglan,
durmuş derýa, alar bir gün,
girdabyna salar bir gün,
bütin ömri çöp, çör bolan,
goýun bakan, dokan gulaç
ata-ene, ömri gowga,
geçir diýip günüň biweç,
ýurt goýmady yzda saňa,
daýanmasaň gitmeli sen,
eýe bolsaň eýe oňa!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026