Göreş, şahyr!
Kemsinmesin diýseň çagam,
göreş, dostum, duruş, dostum,
durmalyda baryp, görüp,
gaçyp gaýtma, bakma daşdan,
uruş ýok-laý diýip, gülüp,
oýnan bolma durmuş bilen,
diri wagtyň jansyz, ölüp,
Alla diýip, ýesir bolsaň,
halas etjek bolmaz gelip,
işli hemme, düşün dogry,
uruş mydam bardyr, asman
arassa-da bolsa häli,
ata-babaň ata çykyp,
näçe ýüz ýyl bolup däli,
kem oturman uranlardan,
minnet çekmän gyranlardan,
turdy, urdy, çapdy, taňry,
hudaý diýip oturmady,
ýurt üstünde gurdy gowga,
aglap bagtyn ýatyrmady,
ýöne seret, nirelerde
niçik ýalňyş etdi uly,
bolma hassa, wagtyň guly,
bejer özüň, oka, öwren,
bu diýdigim dipomjyk al,
kellesiz bol diýdigim däl,
kemsinmesin diýseň käbäm,
göreş, dostum, tur ýeriňden,
maňa eliň ber diýemok,
ýa diýemeok çörek iber,
ýa-da çykar gözenekden,
gabalsam-da dar jaýlara,
galdyr özüň ezenekden!..