Hökümet gurluşygy
Türme gurdy hökümet,
daşky türme, içkiden soň,
uly türme, diwarlary
agaçdan däl, kerpiçden däl,
adamdan däl, aýlyk, günlük,
ýeter-ýetmez, näçe işle,
ölmez-ödi, başyň aşak,
sorag bermän ýaşamaly,
çykjak bolsaň derwezäni,
serhetleri para açýar,
bergi edip gaçýar millet,
soň gul bolýar ýat illerde,
alan karzyn üzmek üçin,
gezmek üçin biraz duşda,
göz öňünde görlen görgi,
öljek, emma geljegi ýok,
dolanjak az watanyna,
çünki yzda galanlara,
ene, ata, ýanýoldaşa,
çagalara, gözleri aç,
uzatmaly çörek pulun,
türme gurdy biziň döwlet,
etdi bizi guluň guly...