Bogýan döwlet
Döwlet seni gul ediner,
gyrnak eder döwlet seni,
bilim berýän diýip ilki,
soňra diýip aýlyk berýän,
işli etdim, güýçli etdim,
diýer ýene näme tapsa,
abadanlyk bar maksady,
kanun, kada, gulak assaň,
emma seret, başyndaky,
aşakdaky bolýan zada,
ynan, belki, gerek zat ol,
emma bolma beýle sada,
bogýan döwlet şahyrlaryn,
bogýan döwlet bagşylary,
bogýan döwlet alymlaryn,
žurnalistden alyp aryn,
bogýar özün ilki bilen,
belki, bilip, belki, bilmän,
gyssanjyna, gorkup, dowly
basyp içden, alyp erkin,
berýän diýip, meger, merkin,
bogup saklap geplejegi,
demin alyp bilmeýär ol,
hiç ýetenok howa oňa,
hem ölen, hem ölmeýär ol...