Garyp hökümet
O hökümet, bu hökümert,
imperiýa gursun hatda,
basyp alyp dünýäň ýaryn,
bogýan bolsa şahyrlary,
bagşylary, bilbil owaz,
gorkýandyr ol çyn sözlüden,
çyn aýdymdan, ýüreklerden
syzyp çykan, mumyýa dek,
seýiklejek döwlen iliň
el-aýagyn, ýürek-bagryn,
o hökümet, bu hökümet,
sylan bolup sylagsyzy,
baýrak berip ýalan-ýaşryk,
ynanmaýan sözlerine,
özün aldar, ilini däl,
gözlerini gapdym diýip,
görner pahyr, goý, beslensin,
çyksyn egne näme geýip...