Ahyrky netije

Sen dünýäni üýtgetmersiň,
ýüzi galyň, ýüregi ýok,
ýöne duşan adamlary,
ýa okany ýazanlaryň,
aýdanlaryň diňlänleri,
hemmesin däl, iki-ýeke,
eger çyndan isleseler,
belki, biraz üýtgedersiň,
iň bolmanda seniň ýaly,
köp gepleýän bolmaz olar,
ýa ýazmazlar goşgy, kyssa,
görünmäýin samsyk diýip,
çeken bolup soňsuz gussa...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026