Döwlet pendi
Pikir etme diýer döwlet,
sorag berme diýer döwlet,
başyndaky döw çykanda,
öz ýanyndan akyla baý,
ýa birleri çekip elden,
oturdandyr ony onda,
muny munda, iş etmeli,
saklamaly halky diýip,
süri ýaly, çopany ýok,
ýogsa özi düýp mesele,
belki, şeýle adam döräp,
emel ýeten azýar örän,
iýen agyz gürlär, durmaz,
diýer pikir ederin men
saňa derek, gije-gündiz,
sorag berseň, bagyşlamaz,
soraglaryň köwekligiň,
boşdugyňy görkezmese,
halamaz ol, sygdyrmaz ol,
gurjak oýnun oýnamasaň,
amatlyja, geýnip gowy,
pikir etme, bu aýdylman
aýdylýan zat, süri sürler,
şahyry dek partiýanyň,
oňa gerek gepi gürle...