Hatarsyz bolsa

Bir gün, eger kän bolmasa hatarly,
doganym bor, garyndaşym bor meniň,
dostlarym bor, bolar kärdeş, pikirdeş
adam ýaly duz iýişen, gatnaşan,
bir gün, eger aýdyp bolsa aýtmaly,
aýdylmaly sözi, başgasyn däl-de,
aýdan bolar, bir, iki däl, onlarça,
giç bolsa-da hasap sorap, adamy,
eden işi üçin jogap bermeli,
tapmak, salmak salynmaly jaýyna,
açan bolan açylmaly aýyby,
jenaýaty, ozal üsti örtülen,
diýen bolar men bu işe garşydym,
turuwbaşdan, bir, iki däl, köp bolar,
batyrlary, ýüreklisi ilimiň,
a men yza çekilerin utanyp,
diýmesinler diýip emel hantama,
bir gün, eger ýol açylsa, gelerler,
ýa iň bolman jaň ederler, saglygyň
soraýaýyn diýdim diýip gülerler...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026