Ynanmaly we ynanmasyz sözler
Ynan arly ýakjak, otlajak diýse,
atjak diýse, ok gaýgyrman, soragsyz,
ýigrenýärin diýse galam tutany,
ortalykdan uranlar däl, görenler,
müýn içinde, ýaşamaly utanyp,
ynan oňa, begen emel ýetmese,
ýok, sen ýurda gerek diýse, ynanma,
çyk işiňden, azap çekme biderek,
men bereýin aýlygyňy, günlügiň,
oka hem ýaz, işle alyp demiňi,
gora diýse mertebesin milletiň,
diýme, walla, gowy munuň niýeti,
ýaplanma sen öwsüp duran şemala,
bal bolar soň öňki çeken mähnetiň.