Surat

Tobaly goşgy

Gaýtalady, ýene berdi zamana,
şol bir göýdük adamlary, gözi aç,
göreş diýip öňe itýän, bukulýan,
eger bolsa gelip, girip jübiňde,
sowma-da, how, goý bize-de pul diýip,
o birine haýyn, muňa gul diýip,
dili uzyn, gürleýän kän utanman,
gowy eken bukulýanam arkada,
emma içden ýadadym-la diýsem-de,
öňkim ýaly göni aýdyp bilmedim,
ýa-da ýazyp, sowatmadym içimi,
ýa ýazanym çykarmadym çekerden,
hanha, ýene oňuşmady, uruşdy,
baran ýeri gapda-çanak, gördüňiz,
öňem ýokdy biziň jinnek günämiz,
gep özünde diýmesinler diýdim-de,
başym aşak, belki, wagty gelmeli,
ýol ogly sen diýip, köwşüm geýdim-de,
gitjek boldum boldugyndan ýolumdan,
uly söze toba, barýan aldyrman,
çekýänlere üzjek bolup golumdan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026