Okyjydan gelen hat

Çagasyna ogurlygy öwreden
mamla boldy, görýän boldy uzakdan,
çagasyna egriligi öwreden,
azat-erkin, a biz galdyk duzakda...

Okamagy, ýazmagy däl arassa,
hiç ýalňyşsyz, gije-gündiz jan edip,
öwret çaga okaýana gülmegi,
ýanyp-köýjek ertir bagryn gan edip...

Kösenmesin çagaň taňry bar diýip,
ýa kanunlar, gorar ýaly adamy,
it-guşdan däl, adamlardan ozaly,
ýa sen şindem düzelmejek sadamy?

Ýalançylyk diýme erbet, dogrusyn
aýtjak bolup, ölüp gitmesin çaga,
iň bolmanda dymsyn, gadyrsyz sözi
aýdyp, diýip urman kellesin daga...

Adamlar aç, ekin ekjek soraýar
ekmejekden, dikmejekden bir çöpi,
goşgularyň okap, gynanýan saňa,
nirden tapýaň munça manysyz gepi?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026