Soňsuz uruş
Seni ýeke goýan iliň içinden,
busan halkyň batyrlary köpelip,
bir gün geler, ogul-gyzy deň-duşuň,
ýa-da senden ulularyň dowamy,
ýa kiçiler, eşitmedik adyňy,
ýa-da bilýän işlän ýeriň adyny,
diýmek, ortalykdan uranyň biri,
ýer tapmaýan altynyna, zerine,
edip boljak işi etmän wagtynda,
gidilmeli oba, awtobus gelip,
garaşsa-da münüp, gitmän wagtynda,
gyrada ýaýdanyp duran mysaly,
dili kelte, diýsem diýýän ýüşener,
ýa satanlar, tutulmadyk ogrular,
ýa ak jüýje, ýalňyşmadyk iş edip,
bir ýerlere ýetip, ýetmän, içýakgyç,
minnet bilen sorar eden işiňi,
sen, hamala, gözenekden aňyrda,
a ol kazy, ykbalyňy çözmeli,
ýa-da garalawçy, aýyby taýyn,
iň bärkisi - ýurdy itip ýykan sen,
ýa gazyşan onuň gaçan çukuryn,
aýdara söz, girere ýer tapmarsyň,
utanarsyň eger gülüp bilmeseň,
dogulanyň maňlaýyna ýazylan,
soňy gelmez uruş, ölüp bilmeseň...