Ýalňyzlyk buýsanjy
Döwlet saňa töhmet atyp,
ýarag çekip gelse, alsa
kagyzlaryň, puluňy däl,
çyrşap goýan ony, muny,
tapjak bolup hapa senden,
çaljak bolup gara kirin,
gömjek bolsa adyň, badyň
alyp, gaýdyp galmaz ýaly,
gelmez ýaly göreş diýip,
Alyň ala meýdanyna,
basjak bolsa aşak gaty,
iliň gaçar, bir-ikisi
kömek etse, begen, guwan,
ýöne soňra pikir edip,
ýüregiňi çişirme hiç,
dogan-gardaş, dosty-ýaryň,
ýa ýat ilde ýakynsyrap,
eşek edip münjek bolan,
gaty görse tananyňy,
görýäniňi için, daşyn,
ýylgyr, ýaşa, gama çümmän,
belent tutup gara başyň!