Hatarly iş
Adam howpuň, hataryň
arasynda işleýär,
dost-duşmany tanaman,
bilýär geljek, gorajak,
halas etjek ýok daşdan,
pitçiň atjak bar mydam,
şyltak atjak ýeterlik,
dili iki metrlik,
ýogsa şeýle görmäge
edýän iş bir ýaly,
päl-niýeti düzüwüň,
bolan bolup haýyrçy,
ýa diýýäniň ak ýüzüm...
Eger aýtsa, diňleseň,
goraýan dek ýoksuly,
ezileni gürleýän,
emma siňe seretseň,
göreş, uruş açyk däl,
gatbar-gatbar öç, gahar,
gemre baglap, tokaý dek,
gyzyp ýatan aşakdan,
galjak ýaly ot-ýalyn,
çar tarapyň bahyllyk,
gaçjak ýeriň ýok galyp...
Garalamak birlerin,
ýaralamak hekgerip,
ýowuzlygy üçin däl,
ýumşak görüp, belki-de,
gowuzlygy üçin däl,
işe gezek gelende,
durjak bolmak öňünde,
gelen ýerin köp görüp,
uly ili ýok eden
töhmet pesiň ýaragy,
gybat pisiň ýaragy,
atyp, basyp alanlar
tanalarlar okundan,
aýdýan adam, ýa ýazýan,
belli bolar b...dan.