Kompleks

Adammyka diýeniň
bir halta kompleks
bolup çykýar kämahal,
“Eý-ho, hudaý!” diýip,
çekilýäň yza.
Sebäbi ol her kesiň
özünde-de ýeterlik,
ömrüň boýy göreşmeli,
özüňdäki kemislere
garşy durup, direnip,
igeläp, törpüläp özüň,
ýogsa köpläp çyrçyk bary,
özüňi goýup garşyňa,
bagyrdyp çökerýär dyza...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019