Gürrüň gerek, gykylyk däl

Adam bolsaň gürleşmeli,
soraşmaly hal-ahwaly,
çykarmaly içde ýatan
gam-gussany, iýmez ýaly,
bölüşmeli adam bolsaň,
paýlaşmaly agyr ýüki,
basmaz ýaly aşak günde,
galmaz ýaly gemre baglap,
käte täze gürrüňleri,
unutmankak, könelmänkä,
ýetirmeli bir-birege,
sebäbi biz, görýärsiňiz,
gol astynda kim-kimleriň,
hem belli däl nirden çykjak,
näme boljak ertir agşam,
beýni, ýürek uruşynda kim
zor, ýeňiji boljak ahyr,
galjak çözüp ykbalymyz,
ýen ýüz ýyl, ýüz elli ýyl,
diýmek, içde galmaly däl
aýdylmaly sözler bardyr,
bir-birege, uýat edip,
ýa alada edip başga,
düşünilmez diýip dogry,
kim biz, näme niýetimiz,
nirden gelip, nirä bardyk,
çykjak bolduk haýsy daga,
kim nirede badak atdy,
ýa-da urdy arkamyzdan,
aýtmaly biz, diýmeli biz,
goýmaly biz sapak, çelgi,
yzdan gelýän alar ýaly,
görer ýaly has uzakdan,
gerek bize gürrüň edýän,
gykylyk däl, gowy däl ol,
erbet, belki, bar duzakdan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026