Aňsat kynçylyk

Syýasata goşulmaýan adamlar
syýasata goşulýarlar goşulman,
syýsata goşulmaýan taýpalar,
goşulýarlar oňa daş alyp, ýaman,
erbet bolup, gowulygy ýitirip,
bilip, bilmän, goran bolup özlerin,
ýagy gelse, tabyn bolup söweşmän,
ak baýdagy galdyrýalar asuda,
sabyr, kanagatly adamlar bolup,
salyhatly bolan bolup görmäge,
emma içgin, siňe baksaň her şeriň,
her gowganyň arkasynda dur olar,
biri-birin tanaýarlar uzakdan,
dil tapýarlar hemme ýerde gürlemän,
ýa gürleşip, dil tansynda çalasyn,
bilýän ýaly peýdasyny, zyýanyn,
görmeýärler rehimsiz zalymy,
ezýänleri ýetim, ýesir, naçary,
talaýany sylaýarlar, sylaman
talanýany, hatda bolsun ýakyny,
syýasata goşulmaýan adamlar,
aňsat diýip, belki, saýlaýar kyny...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026