Kärdeş keseli

Olar bilýär birin-birin,
örän gowy tanaýarlar,
bolan bolup dili şirin,
çünki bile ençeme ýyl,
bir işikde işläpdirler,
göre-bile aýyplaryn,
kemçiligin düzetmeli,
aýtmaýarlar, ýaşyrýarlar,
gerek bolar diýip soňra,
sen gelýärsiň uzak ýoldan,
gezmäge däl, işiň bilen,
otdan, suwdan geçip, olar
üýşenýärler, birleşýärler,
gürleşýärler gep-gürrüňsiz,
köp manyly, ýuwaş-ýuwaş
düşünýärsiň, tanaýarsyň,
çopan ýaly bakýan malyn,
gözlerinden görüp halyn,
okap pikir, niýetlerin,
garalajak gara tapsa,
göwni güljek gözüň gapsa,
ýaramasaň, diýjek öldi,
adam bolýar gürläp belli,
kä ýaňsylap, samsyk saýyp,
sebäbi ol ünji edýär,
gorkýar bolar diýip aýyp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026