Aç aksakgal
Çagalygy uruşdan soň
ýetde-gütde geçen oglan,
gözi gorkan, geplemesiz
gepi geplän, bilýär gowy,
çykýar nirden, görünmeýär,
o ýaşuly, bu ýaşuly
ýygnak bolsa, kän görünýär,
geýip gelip toý donuny,
sürünýär ol öňe, öňe,
gürlän bolýar söz berilse,
ýöne ýuwaş, ýürekliň däl,
ýüreksiziň ýüzi bilen,
sözi bilen sözsüzleriň,
ölen birçak direm bolsa,
görelde ol yzdan gelýän
nesillere, özi ýaly
erkin berjek, başyn egjek
iki döwüm çörek üçin,
börek üçin, arak üçin,
tirýek üçin, aç adamyň
garny doýsa, gözi doýmaz,
bu bir oýun, ýöne gülmäň,
hiç birimiz sylap goýmaz...