Pikir ýa şükür şahyry

Sen iliňe pikir berme,
sorag berme döwletiňe,
kanagata çagyr halky,
şükür et diý darygýana,
sabyr hakda goşgujyk ýaz,
soňra ylga, ýetişjek bol,
alyp bolýan ýeri goýma,
gijä galma, aldajy kän,
ýazýan zadyň, aýdýanlaryň
iliň üçin, özüň biraz
ýokarda goý, muny olar
içden aýtdy, daşyndan däl,
seret galan sözlerine,
ynanylýan şindem käte,
gaýtalanýan, peýdaly dek,
görkezilýän eser diýip,
soňra seret, pikirin et,
olar niçik ýaşadylar,
göterdiler haýsy ýükün
partiýanyň, hökümetiň,
sen iliňe, ezilse-de,
pikir berme diýýär ezýän,
şondan Kerim deputatdy,
deputatdy Berdinazar,
laureatdy o birisi,
ýöne bular adam bolmak,
iliň bilen bolmak däldi,
etseň gürrüň, a etmeseň,
bolan bolma düzüw pälli...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026