Ýurt ýarasy
Sen hiç wagt düşüşmersiň,
köşeşmersiň ilden daşda,
ýat illerde galyp, bilip,
bolýanyny yzda näme,
ölýänini iliň kem-kem,
eneň, ataň, doganlaryň,
durup bilmän sil öňünde,
daş, kesegi zyňyp gelen,
yňyp gelen dagdan aşak,
ady döwlet, emma azan,
baştutany saýlanmadyk,
saýlanmajak düzüwlerden,
goýlan mydam seçip, belki,
gözläp tapyp pesiň pesin,
diýen bolup bolmajaga,
ýurt talana ýurt eýesi...
Sen hiç haçan gutulmarsyň,
durmaz gany ýaralaryň,
atanlaryň oky galar,
galar döwlen hanjarlary,
urlanlaryň arkaňda kän,
ýöne, dogry, öwrenersiň,
ýaşamagy jebir çekip,
bitmesi kyn ýaraň bilen,
käte gülüp, çyn ýürekden,
bolmadyk dek bolan zatlar,
belki, ejir, hasrat, gaýgy
bir bölegi ýaşaýyşyň,
bolmaly zat ýaly bolar,
emma ne-hä yzda galan,
ne sen borsuň öňki ýaly,
düşünersiň iň bolmanda,
bolmaly däl, galyp bolmaz,
isleseň-de beýle bolup,
soň ýetse-de uzatmarsyň,
her ildeşe kömek goluň...