Soň diýýärsiň...
25-de, otuz ýaşda,
ondan soňra satan seni,
atan seni haýynlygyň
topundan hem tüpeňinden,
iten ähli çukurlara,
bahyl, açgöz kärdeşleriň,
ölmän galsaň duşýar soňra,
görmeseň-de köpüsini,
ýolda, yzda gürleşýärsiň,
ýatladýarsyň käbirine,
bolan zady, eden işin,
emma adam utanmaýar,
gyzarmaýar ýüzi hatda,
başga ýere sowýar gepi,
ýa-da gülýär ýalan-ýaşryk,
oýun ýaly onuň üçin,
o biriniň çagasynyň
hakyn iýmek, gelse elden,
daş edinmek özün, basyp
geçmek üçin ýagyşly gün,
soň diýýärsiň walla, nädip
bolduň beýle çaga göwün?...