Bolşewik sapagy
Bolşewikler, ilki haçan,
däli etmän beýle uzak,
kommunizm geler diýip,
garaşypdyr çyny bilen,
ýöne soňra görüp, bilip,
gelmejegin diýilýäniň,
näme boldy, kim sebäbi,
gözläpdirler günäkäri,
duşman bolsa içde bolar,
tapypdyrlar, bu belli zat,
satypdyrlar biri-birin,
itipdirler biri-birin,
çukur gazyp ýarym-ýalta,
kime halta, kime palta,
bir görseler ýok esasy,
baş bolmaly serkerdeler,
nökerleriň bary asy...