Gijigen talap

Besdir, oglan, oglanjyk däl,
garaşamok süýji-kökä,
diýdi adam, syla wagtym,
kanagatym, näme etdim,
näme edýän, etjek boldum,
düşünjek bol kim men, näme,
ýalan-ýaşryk gülen bolma,
gelen bolma islemeseň,
ýa jaň etme gerek wagtyň,
ýitip gidip, gep gözläňde,
ýa ýüregiň gyssa çala,
boş görünse ömrüň, işiň,
dogruja bol, düzel indi,
görnüp durka göçümleriň,
ýa bar kartyň eliňdäki,
düşün, bu täk islegim däl,
talap indi, sabyrym az,
başga bolsa bolar, bizde
heňe gelmez bu aýdym, saz...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026