Adam we söz
Adam sözi söze meňzeş,
agramly ol agram berseň,
manyly ol many görseň,
aýtsyn çala ýa gygyryp,
gulak assaň durman, durup,
belki, çete deger biraz,
seret diýip sypatyňa,
ýa göterer goltugyňdan,
başyň aýlar başsyz bolsaň,
her oýnalan oýna gelseň,
ýok, bolmasa hiç zat kelam,
kör, ker ýaly geç deňinden,
salamsyza berme salam...