Polisiýa döwleti
Olar indi oýnamaýar,
kanun, kada lybasyny
geýen bolup, ýalan gülüp,
gepleşmeýär garyp bilen,
diňlemeýär iliň gepin,
eşitmeýär ahy-nala,
har bolanlar, zorlananlar
görýär ýitdi sabyr ýoly,
olar indi oýnamýar,
çynyn edýär, üýşenji ýok,
pulumyz kän diýýär, belki,
arz edenler, adam saýyp,
azanlara bolýar gülki...