Ata mirasy

Meniň atam tokaý çapdy,
imperiýa gerek bolup,
aç surnukdy, ölmelidi,
iýjek hurşy obasyndan,
uzak ýoldan gelmelidi...

Orta daýhan, maly bardy,
haly bardy degilmese,
aty bardy, alypdylar,
garşy diýip täzelige,
gürrüň berdi agam soňra,
nädip millet öz-özünden,
bir-birinden gaçdy aňryk...

Meniň atam tokaý çapdy,
gaýdyp geldi bäş ýyldan soň,
ogly gidip urşa, gelmän,
diri ýitip, beýlekisi,
Gyzyl goşun hataryndan
inçekesel alyp geldi,
öldi dogduk obasynda,
ýene biri, düýekeşdi,
ýük çekýärdi, buýup öldi,
galyp ýolda ýagyşly gün,
dost aglady, duşman güldi...

Meniň atam çekeneçi,
çopan bolup ötdi, ýöne
tämiz adyn goýdy bize,
dört ýetimdik, Ýowşan molla,
ýas ýerinde gürrüň berdi,
uruşdan soň, açlyk, horluk,
başlyk atly aýlanýardy,
görse, gamçy iýmelidik,
ataň harman saklaýardy,
ýaňy gelen gazamatdan,
berdi bize dözmän däne,
bir gysymdan, tutsa zalym,
öz hoşamyz diýmelidik...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026