Biziň ünjimiz
Ol il üçin ýanma, ýazma,
okajagy, biljegi az,
oýlanjagy ýok içinde,
ýok içinde kelle döwüp,
düşünjegi bu zatlara,
nas atjagy kän olaryň,
çilim çekjek, arak içjek,
bolsa tirýek, gaýtjagy az,
kän dargytjak maşgalasyn,
keýpi-sapa, warsakyny
maňa beriň diýýär bary,
köýen ýaly, başgadan däl,
öz-özünden ilki ary...
Boljak zady, bolmajagy
aýtjak bolma janyň durman,
ýa sözüňe ters düşünip,
git diýseler begen urman,
tarapyňy aljak bolmaz,
diýjek bolmaz dogry sözi,
ýa gorajak, dogry diýip,
gaçjagy kän agzyň açsaň,
geljegi ýok gorpa gaçsaň...
Bu il üçin ýanma, ýazma,
diýdi biri, soň ikisi,
soň üçünji, soň dördünji,
ýadadym-ow, menden başga
ýokmy edýän bizi ünji?