Päl ýesirleri

Seniň her gün gazananyň,
ýok, ýatyp däl, işläp, oglan,
garynja dek gara günde,
okap, ýatman gije-gündiz,
ýazyp, bozup, kän ýalňyşyp,
soň düzedip ýalňyşlaryň,
ýurt içinde, soň sürgünde
çeken bagyr azaplaryň,
eden işiň gyzykly däl,
özüň bilmän, eli açyk,
göwni açyk, berjek zadyň,
ýa-da etjek hyzmatlaryň,
gerek bolsa ýalan sözläp,
zaýalajak tämiz adyň,
has anygy - gurjaklygyň
oňa gerek, muňa gerek,
biri dogan, garyndaşyň,
beýlekisi kärdeş, pylan,
pikirdeşiň, pikirdeş däl,
oýnan bolýan karam oýny,
ýok, bolmasaň oýnatgyja,
ýa bolmasaň geçi, goýny,
soýjak maly gurbanlykda,
içip bile içmelide,
çekip bile çekmelide,
soň galmasaň hassa, ejiz,
wagt ýitirip, telli-pelli,
ýigrenji sen, ol, bu diýip,
hüjüm eder her şermende,
goý, gürlesin agzy açyk,
dagy nätsin päle bendi...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026