Halk we propagandaçy
Akyldan däl, it agzyna
kelläň sokmak guduzlanda,
bolşewikler guduz itdi,
a şahyrlar, diri galjak,
tarapyny saýlamaly,
gyzyllary öwmelidi,
ys bor diýip, ýerde goýman,
pos bor diýip, gökde goýman,
ýogsa gyşda buýmalydy,
ot, ojaga elin çoýman...
Sögmelidi ýazyjylar,
zalym diýip ähli baýa,
molla, işan bolsa bary
il malyna göz dikýärdi,
ýeriň, gögiň bir diregi,
bir ýeke-täk serdar bardy...
Indi geçdi, geçen ýaly,
o baýlary, öňki çopan,
goýun bakan iýmän, içmän,
täjirleri, bezirgeni
ýüzläp, müňläp satyn aljak
görülmedik baýlar geldi,
begler geldi, baýa sögen
şahyrsumak ýok, görmersiň,
ýöne öňki kommunisti,
deputaty, köşk şahyryn,
ýüreginde göterýän bar,
goşgularyn, gowy diýip,
erteki dek, otarýan bar....
Il diňleýär, geň galmaly,
çäç, harpygy biljegi az,
akyldan däl gülmek halka,
aglaňda-da geljegi az...