Partiýa şahyry
Gülüm-ýalym, meselesin
dil tansyny edip çözýän,
dilde başga, ýürekde bir,
külün atyp partiýanyň,
öňem boldy, ýene bolar,
çaman bolup, diňe ozýan...
Ýolda, yzda soran bolar,
aýtma derdiň, iki ätmän,
diýer içden özi asy,
özüne ýat ýat bor ile,
gülkünç oňa başgaň ýasy,
gep gerekdir, bilmez gitmän...
Bir gün tutdy ýüregini,
altyn zynjyr alan pahyr,
iki-ýeke ýerden turup,
göreşene gülen pahyr,
dosty diýdi gitme entek,
il diýýärkä ölen şahyr...