Ýurduňy gora!

Owarram et, giň tut göwnüň,
goý, käbiri pitjiň atsyn,
gaharlanan bolar käte,
at dakan bor daşdan gülüp,
goý, düşünsün ýalňyş, kelte,
gybat etsin bu birleri,
gözleriň ýum, gulagyň dyk,
degmez, belki, göreniňe,
gerek däldir eşitmegiň,
şübhe eden şübhe etsin,
halamasyn seni düýpden,
kiçeldesi gelýän, degme,
atsyn atan şyltagyny,
ýa ulaltsyn diýip kezzap,
bilip bolmaz haýsy gowy,
degme, diýsin islänini,
o pahyra, bu pahyra,
içi sowar, ýatar gowy,
çekil gyra, sabyrly bol,
ýöne ýurduň goýup gidip,
gaçyp ýören tilki bolma,
düşünmedik bolan bolup,
ogry-jümrä gülki bolma,
gora ýurduň, obadaşyň,
babadaşyň, tiredeş däl,
ýa milleti başga diýme,
gora halkjyň mertebesin,
ata-baba mazarlaryň,
ölmedigi gora şindi,
bolsa sähel namys, aryň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026