Çylşyrymly döwür
Döwür şeýle diýdi biri,
akyllydan garaşylýar,
gürrüňe däl, diňlemäge,
başyn atyp emel ýeten
akmaklara 'hä' bermeli,
ýylgyrmaly nirde bolsa,
hatda çölde, düzde duşsa
sürüsine pullananyň,
agzyn açsa akyl-huşly,
bolar aýdan gepi başga,
gürrüň tapmaz tentek üçin,
diýmek, diňe dymmaly ol,
ýa gitmeli ýurtdan göçüp...